Balkanabatda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

Düýn, 10:493,240
1 / 12

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Çärä welaýat we şäher häkimlikleriniň, sebitiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Merkeziň binalar toplumy 4 we 5 gatdan ybarat bolup, 305 orna niýetlenendir. Şol orunlaryň 50-si dogrum we dogrumdan soňky bölüme, 50-si ginekologiýa bölümine, 80-isi bäbekler bölümine, 10-usy bolsa täze doglan bäbekleriň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine degişlidir.

Şeýle-de merkeziň düzümine kabul ediş, barlaghana, maslahat beriş we şöhle arkaly anyklaýyş bölümleri girýär. Merkez kompýuter we magnit-rezonans tomografiýalary, flýuorografiýa, mammografiýa we rentgen barlaglary üçin niýetlenen döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.

Welaýatda ilkinji gezek döredilen 10 orunlyk täze doglan bäbekleriň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi Wengriýanyň «Medicor» kompaniýasynyň «Babylife BLF-2001» inkubatory hem-de Germaniýanyň «Proview-12» monitorlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu enjamlar bäbekleriň ýagdaýyna laýyk şertleri döretmäge, olaryň agramyna we beden gyzgynlygyna, kislorod üpjünçiligine we dem alşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň tapawutlanan gurluşykçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem täze merkeze döwlet Baştutanynyň adyndan awtomobiller sowgat berildi.

Dabaraly çäre medeniýet we sungat ussatlarynyň edebi-sazly çykyşlary we küştdepdi tansy bilen utgaşdy.