Toyota kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümi SEMA týuning sergisinde Snowhunter atly konseptual awtoulaglar tapgyryny tanyşdyrar. Oňa galyň garda hereket etmek üçin kämilleşdirilen, köpçülikleýin önümçilikde öndürilýän bäş model girýär. Olaryň adaty tekerleriniň ýerine ýörite zynjyrly tigirler oturdyldy.
Bu tapgyra Tacoma pikapy, 4Runner, Land Cruiser we Sequoia kysymly ýolsuz ýerlerde hereket etmäge niýetlenen ulaglar, şeýle hem Tundra pikapy girýär. Kompaniýanyň pikirine görä, zynjyrly tigir adaty tekerli ulaglaryň geçip bilmeýän garly ýerlerinden hereket etmäge mümkinçilik berer.

Zynjyrdan başga-da, konseptual awtoulaglaryň bäşisiniň hem hereket ediş ulgamy Toyota-nyň resmi katalogyndaky şaýlar bilen kämilleşdirildi. Kompaniýa üýtgeşmeleriň tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär, ol diňe awtoulaglaryň ýerden beýikliginiň artdyrylandygyny belleýär.
Awtoulaglar syýahat we işjeň dynç alyş üçin niýetlenen goşmaça enjamlar bilen hem üpjün edildi. Olaryň daşky görnüşi bolsa ýörite grafiki bezeg bilen tapawutlanýar.