Toyota bäş sany ulag modelini kross-ýol ýörişine niýetlenen täze görnüşde görkezdi

Şu gün, 14:55907
1 / 11

Toyota kompaniýasy SEMA awtoulag sergisi üçin Woodland atly bäş sany konsept ulagyny taýýarlady. Olaryň dördüsi krossower, biri bolsa miniwendir. Ähli ulaglar ýolsuz ýerlerden sürmek üçin ýörite kämilleşdirildi.

Täze konseptleriň esasyny RAV4, Grand Highlander we bZ krossowerleri, uniwersal awtoulag bilen krossoweriň aýratynlyklaryny birleşdirýän Crown Signia modeli hem-de Sienna miniweni düzýär.

Bäş ulagyň ählisine beýikligi ýokarlandyrylan asma ulgamy, ýolsuz ýollarda sürmäge niýetlenen tekerler, kuzowyň aşaky bölegini goraýan örtükler we tigir arkalarynyň giňeldilen gorag bölekleri oturdylypdyr.

Ulaglar Toyota kompaniýasynyň 1960-njy ýyllardaky Horizon Blue atly gök reňk öwüşginine meňzedilip boýaldy. Gök kuzow gara üçek we kapot, şeýle hem ýalpyldysy pes gara reňkli teker diskleri bilen utgaşdyryldy.

Konseptleriň hereketlendiriji ulgamlary hem biri-birinden tapawutlanýar. RAV4 daşyndan elektrik toguna birikdirilip zarýad berilýän gibrid görnüşinde hödürlenýär. Grand Highlander, Crown Signia we Sienna adaty gibrid ulgam bilen üpjün edilen. bZ modeli bolsa doly elektrik hereketlendirijisini saklap galdy.

Toyota bu görnüşleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak barada häzirlikçe hiç zat mälim etmedi. Kompaniýa diňe dürli ulaglaryň özboluşly aýratynlyklaryny saklamak bilen, olary ýolsuz ýerlerde sürmäge nädip uýgunlaşdyryp boljakdygyny görkezmegi maksat edindi.