Türkmenistanda Senagat işgärleriniň güni döredildi

30.03.2019, 21:581,439

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýurdumyzda Senagat işgärleriniň güni döredildi. Bu baýram her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilip geçiler.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Senagat işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.