Türkmen sungat ussatlary Belarusda bilelikdäki konsertde çykyş ederler

06.04.2019, 10:291,413

5-nji aprelde türkmen artistleri Brest şäheriniň 2019-njy ýylda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegine bagyşlanan Arkalaşygyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertine gatnaşarlar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde zehinli aýdymçylarymyz hem-de Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň balet artistleri bu konserte gatnaşarlar.

Türkmen sungat ussatlary bilen bilelikde Azerbaýjan Respublikasynyň Halk artisti Polat Bülbül ogly, SSSR-iň Halk artisti Ýewgeniý Doga, «Moskwa» rus orkestriniň hem-de Ermenistandan, Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Özbegistandan we Ukrainadan gelen toparlaryň meşhur artistleri hem bir sahnada çykyş ederler.

Ýatlatsak, 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty» derejesi Daşoguz şäherine berlipdi. Daşoguza bu derejäniň berilmegi mynasybetli dabarada «Bely Ptah» belarus Halk wokal-horeografik ansambly çykyş edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.