«Türkmentelekom»: 1-nji ýanwardan başlap, domen atlary täze merkez tarapyndan hasaba alnar

23.12.2019, 16:4013,366

2020-nji ýanwar 1-nji ýanwaryndan başlap, domen atlaryny bellige almak hyzmatyny Türkmenistanyň «Milli utgaşdyryjy domen merkezi» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirip başlaýar. Bu barada «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy resmi saýtynda habar berýär.
Belläp geçsek,
«gov.tm» domeni üçin müşderi tölegi 1 ýylyna — ýylda 1536,00 TMT
«com.tm» domeni — ýylda 1745,00 TMT
«edu.tm» domeni — ýylda 1466,00 TMT
Goşmaça maglumaty şu telefon belgileri bilen habarlaşyp alyp bilersiňiz: +993 (12) 44-91-33; +993 (12) 44-93-18

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.