Ýan bilen Sterlingiň arasyndaky UFC-niň çempiony tituly üçin söweş ýatyryldy

27.09.2021, 07:528,070

Russiýaly Pýotr Ýan bilen amerikaly Aljameýn Sterlingiň arasyndaky ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tituly üçin söweş ýatyryldy. Bu barada TASS-a salgylanyp, sportmail.ru habar berýär.

Ondan öň söweşiň ýatyrylandygy barada MMA Fighting portaly habar berdi. Söweş 30-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 267 turnirinde bolmalydy.

“Sterling söweşden çykdy. Onuň boýnunda şikes bar, öň ol operasiýa etdiripdi” – diýip, TASS agentliginiň söhbetdeşi aýtdy.

7-nji martda Ýan diskwalifikasiýa netijesinde Sterlingden ýeňildi we ýeňil agram kategoriýasynda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny elden gidirdi. Dördünji raundda 28 ýaşly russiýaly söweşiji garşydaşynyň kellesine parterde (garşydaşlardan biriniň ýatan ýa-da dyzynda duran ýagdaýy) dyzy bilen urdy, bu gadagan edilen hereket bolup durýar. Ýanyň hasabynda 15 ýeňiş bilen 2 ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.