Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefonda gürleşdi

17.05.2022, 07:1711,317

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garadylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda berilýän habara görä,  Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-13-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentarileriniň hem-de zenanlarynyň forumlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar halkara gün tertibinde, sebitara derejede hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şol sanda parahatçylygyň, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.