Türkmenistan parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüşi pugtalandyrmak syýasatyny goldaýar

Düýn, 09:093,310

22-nji iýulda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, ýurduň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça geçirilen ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdarydygyny nygtap, olara durnukly ösüşi üpjün etmegiň we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi.

Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmaga, parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesini ilerletmäge, energetika, ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, suw howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Bu ugurlaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 32 Kararnamasynda hem öz beýanyny tapandygy bellenildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň soňky mejlisiniň ýurduň halkara parahatçylygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy nygtaldy.

Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenilmegi bilen baglylykda, ýurduň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly BMG-niň işine mundan beýläk-de netijeli goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.