Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeş boldy

Düýn, 09:063,058

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berilýän uly üns üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny ýollady.

«Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özbek jemgyýetiniň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny we özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni hem-de maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.