23-nji iýulda Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizzuwa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dabaranyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maldiwleriň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Mohamed Muizzu mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine öz iň gowy arzuwlaryny ýollady. Ol Maldiwleriň Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şalar Geldynazarow Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmak bilen, ol şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, şol bir wagtda, ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi.