Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

24.07.2026, 15:032,595

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz hatynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde Özbegistanyň yzygiderli ösýändigini we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow iki halkyň arasyndaky umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.