Şweýsariýa dünýäde iň uzyn ýolagçy otlusyny çykaryp rekord goýdy

31.10.2022, 10:1922,088

Şweýsariýada dünýäde iň uzyn ýolagçy otlusyny gurnadylar. Onuň uzynlygy iki kilometre diýen ýaly uzaýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Otly 25 sostawdan, 100 wagondan ybarat boldy, şonuň hasabyna onuň uzynlygy 1,91 kilometre çenli uzady. Ol Graubýundende ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ugur boýunça 25 kilometri geçdi. Wagonda 150 ýolagçy oturdy. Otly iň uzyn ýolagçy otlusy boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.