2024-nji ýyldan BMW ulaglaryny kompaniýadan göni sargyt edip bolar

09.11.2022, 15:3016,027

BMW dilerleriň araçyllygyndan boýun gaçyryp, 2024-nji ýylda konserniň awtoulaglarynyň satuwynyň göni shemasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň maliýe direktory Nikolýa Peteriň “Muenchner Merkur” gazetine beren interwýusyndan käbir maglumatlary gazeta.ru paýlaşýar.

“Biz müşderilere gönüden-göni sargyt etmek mümkinçiligini döretmek isleýäris” diýip, Nikolýa Peter aýdýar.

Onuň sözlerine görä, awtoulaglary satmagyň täze shemasyny 2024-nji ýyldan girizmek göz öňünde tutulýar, ýöne ol diňe “Mini” markasynyň nusgalaryna degişli bolar. “BMW” ulagyny göni kompaniýa sargyt etmek bolsa 2026-njy ýyldan mümkin bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Peter kompaniýanyň häzirki wagtda öz awtomobil dilerleri bilen netijeli gepleşikleri alyp barýandygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.