Tesla 2023-nji ýylda täzelenen Model 3 sedanyny goýberer

30.11.2022, 16:227,880

2023-nji ýylda Tesla kompaniýasy Model 3 elektrik sedanynyň täzelenen wersiýasyny goýbermegi meýilleşdirýär. Bu barada Reýter agentligi habar berýär.

Teslanyň Model 3 täzelenen modeli «Highland» diýen kodly at bilen, özünden öňki görnüş bilen deňeşdirilende, sany azaldylan böleklere we daşy az-kem üýtgedilen görnüşe eýe bolar.
Ondan hem başga , ulag öndüriji salonyň bezeginiň hilini gowulandyrar. Şeýle-de sedany täze multimedia displeýi bilen enjamlaşdyrarlar. 
Teslanyň Model 3 täzelenen modeli brendiň Hytaýdaky zawodynda öndüriler. Döwrebaplaşdyrylan awtoulag, çen bilen, 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýygnalyp başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.