Serdar Berdimuhamedow rumyn halkyny Rumyniýanyň Milli güni bilen gutlady

01.12.2022, 09:023,518

Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaus Werner Ýohannise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Rumyniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.