Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň täze hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Şu gün, 10:151,845

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň başynda diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow Sýaoszýun Greýs Wany wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barjak jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlaryň biridigi nygtaldy. Häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň täze tapgyry «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle hem parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet we bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň möhüm orny bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek we daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän global başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygy aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutany ekologiýa meseleleri barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürendigini belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda hanym Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda BMG-ä wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.