Serdar Berdimuhamedow Müsüriň Prezidentini Ynkylap güni bilen gutlady

Şu gün, 15:23902

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy bolan Ynkylap güni her ýylyň 23-nji iýulynda bellenilip geçilýär. Bu sene 1952-nji ýylda ýurtda bolup geçen taryhy özgertmeler bilen baglanyşyklydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.