Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy bilen gutlady

Şu gün, 13:471,170

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

«Ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde Tbilisi şäherinde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, bildiren myhmansöýerligiňiz, mähirli kabul edendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz Siziň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutany bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Şeýle hem, şanly günde Gruziýanyň Liderine berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.