Türkmenistanyň Prezidenti Serjio Mattarellany 85 ýaş toýy bilen gutlady

Şu gün, 16:091,699

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella onuň 85 ýaş toýy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» – diýip, döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarella berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Serjio Mattarella Italiýanyň 12-nji prezidentidir. Ol bu wezipäni 2015-nji ýylyň 3-nji fewralyndan bäri eýeleýär we Italiýa Respublikasynyň taryhynda iň uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Prezidentdir. 2022-nji ýylda ol eýýäm ikinji ýedi ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy.

Italiýada Prezident esasan wekilçilikli we arbitraž işlerini berjaý edip, syýasy çökgünlikleri çözmekde we ýurduň hökümetini düzmekde esasy orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.