Alymlar miwe şirelerindäki şekeri 66% azaltmagyň tehnologiýasyny döretdiler

25.02.2023, 11:127,345

Awstraliýanyň Milli ylym gullugy miwe suwlarynda şekeriň mukdarynyň üçden iki bölegini (66%) azaldyp biljek täze tehnologiýany döretdi. Bu barada Awstraliýanyň ABC ýaýlym korporasiýasy tarapyndan Ylmy we amaly gözlegleriň döwlet birleşiginiň geçiren barlaglaryna salgylanyp yglan edildi.

Täze tehnologiýa miwe şirelerindäki tebigy şekeri çylşyrymly uglewodlara öwürýän fermentasiýa esaslanýar we şeýlelik bilen şekeriň derejesini peseldýär.
Gözleg toparynyň agzasy Jemma Hauells: «Şirede goşundylar, süýjedijiler ýok we bu şiräniň ýokumlylygyny az şeker bilenem saklamaga mümkinçilik berýär» – diýip düşündirýär. Ahyrky netijede alnan önümiň kaloriýasy az hem-de ujypsyz şekerli, ýöne  antioksidantlary köp bolýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Ylmy we amaly gözlegleriň döwlet birleşiginiň barlagçylary täze tehnologiýa şireleriň umumy hilini ýokarlandyrar diýip umyt edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.