Katarda Türkmenistanyň Ilçihanasy açyldy

20.03.2023, 23:2923,920

Şu gün, 20-nji martda Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ilçihana Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara saparynyň çäklerinde açyldy.

Açylyş dabarasynda Ilçihanasynyň binasynyň öňünde ýurdumyzyň ýaşyl Tugy belende galdyryldy.
Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň dostlukly ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Kataryň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri  gatnaşdylar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Katardaky diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.