Türkmenistanyň Prezidenti Büzmeýin etrabynyň häkimine berk käýinç yglan etdi

15.04.2023, 05:3030,810

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçe berk käýinç yglan edildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, berk käýinç etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin berildi.
Resminama laýyklykda, häkime ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.