Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar

17.06.2023, 14:3121,065

Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirer. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligi şeýle hem jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki enjamlary satyn almak boýunça hem halkara bäsleşiklerini geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.