Tesla Model 3 we Model Y ulaglary bary-ýogy 40 sekuntda ýygnalýar

01.08.2023, 17:4010,598

Tesla-nyň Şanhaýdaky Gigafabriginde ýazgy edilen täze wideodan görnüşi ýaly, täze Tesla Model 3 ýa-da Model Y awtoulaglary  haýran galdyryjy çaltlykda öndürilýär.

Habarçy ýygnamak işine gözegçilik edýän işgärlerden birine degişli sowal berýär. Teslanyň işgäri söhbetdeşlik wagtynda aýdylan 45 sekunt töweregi wagt baradaky maglumatyň indi üýtgändigini aýtdy. Häzirki wagtda Tesla 40 sekuntdan hem az wagtyň içinde täze awtoulaglary çykýar.

Önümçiligiň bu tizligi, hatda 2023-nji ýylyň ýanwarynda Miçigan ştatynyň Dirborn şäherindäki ýük awtoulag zawodynyň her 49 sekuntda bir F-150 öndürip biljekdigini aýdýan Ford-dan has ýokarydyr.
Teslanyň Şanhaýdaky gigazawodynda onlarça robotlaşdyrylan manipulýatorlar  netijeliligi ýokarlandyrmak üçin tandemde işleýärler. Wideoda robotlaryň bir wagtyň özünde dürli tekizliklerde awtoulaglary nädip ýygnap biljekdikleri görkezilýär.
Mundan başga-da, Şanhaýyň zawodynda Teslanyň içerki IT topary tarapyndan gurlan Teshenghuo programmasyny ulanyp, işçileriň iýmit sargyt etmegi üçin 16 restoran bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.