Täze Kia EV5 elektrokrossoweriniň suratlary paýlaşyldy

16.08.2023, 08:5813,529
1 / 2

Awgust aýynda Hytaýyň Çendu şäherinde geçiriljek awtoulag sergisinde täze «Kia EV5» elektrik krossoweri tanyşdyrylar. Bu barada gazeta.ru Autohome portalyna salgylanyp habar berýär.

Täze ulagyň uzynlygy 4650 mm. Elektrik awtoulagy 217 at güýji kuwwatlylygy bolan elektrik hereketlendirijisi we sygymy 82 kilowat-sagat bolan batareýa bilen işleýär. Onuň dizaýnynyň şu ýylyň ýazynda tanyşdyrylan konsept awtoulagynyň daşky görnüşini gaýtalaýandygy bellenilýär.
«Kia EV5» Hytaýda öndüriler we beýleki bazarlara eksport ediler, Hytaýda satuwlar şu ýylyň noýabr aýynda başlanar. Hytaýda bu ulag «EV6-dan» soň «EV» nesliniň ikinji elektrik awtoulagy bolar. Geljek ýylda ýurtda uly «EV9» elektrokrossowerini öndürmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.