BMW M4 CSL sport awtoulagy Nýurburgringde öz-özüni ozup, täze rekord goýdy

04.09.2023, 22:4615,620
1 / 2

BMW M sport bölümi M4 CSL kupeniň täze üstünligini yglan etdi. 550 at güýji bolan iki gapyly ulag Nýurburgring ýolunyň 20,8 kilometrlik konfigurasiýasyny 7 minut 18,137 sekuntda geçdi. Şeýlelik bilen, ol diňe bir öz wagtyny iki sekuntdan gowrak gowulaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem klasynda täze rekord goýdy.

2022-nji ýylda, heniz resmi taýdan ilkinji görkezilişi hem bolmanka, iň çalt raýat BMW-sy adyny almaga ýeterlik bolan Nýurburgringdäki soňky synaglarda BMW M4 CSL kupesi 7 minut 20,207 sekuntda aýlaw etdi. Işläp taýýarlaýjy inžener we hünärmen sürüji Ýorga Waýdinger tarapyndan amal edilen täze rekord kiçi göwrümli sport sedany Jaguar XE SV Project 8-i atdan mahrum etdi. Agzalan sedan  2019-njy ýyldan bäri 7 minut 23,164 sekunt bilen orta ölçegdäki modelleriň arasynda doly aýlawyň çempiony bolup gelýärdi.
Şol bir wagtyň özünde, köplenç, awtoulaglary deňeşdirmek üçin ulanylýan Demirgazyk aýlawyň 20,6 kilometrlik böleginde BMW geçen ýyl 7 minut 15,677 sekunt (minus 2,684 sekunt) görkezip, Jaguar-dan öňe geçdi. Bu gezek nemes sport awtoulagy şol bir maşklary has çalt - 7 minut 13,497 sekuntda ýerine ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.