Xiaomi ilkinji elektromobili Xiaomi SU7-ni hödürledi

18.11.2023, 09:519,597
1 / 4

Hytaýyň Xiaomi korporasiýasy özüniň seriýaly elektromobilini taýýarlaýar. Taslama eýýäm HHR-iň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligine tabşyryldy diýip, daryo.uz habar berýär.

 

Elektronika öndürijisi Beijing Automotive Group (BAIC) bilen bilelikde SU7 modelini çykarmagy göz öňünde tutýar.
Elektromobiliň agramy 2 655 kg bolar. Ol tizligini sagatda 265 km çenli artdyryp biler.
Awtoulag bir hereketlendiriji we Contemporari Amperex Technology kompaniýasynyň akkumulýatory bilen ýa-da iki hereketlendiriji we BYD-yň batereýasy bilen hödürlener.
Deslapky maglumatlara görä, önümçilik eýýäm şu ýylyň dekabr aýynda başlar. SU7 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarylmaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.