Apple Car 2028-nji ýylda satuwa çykarylar. Kompaniýa doly awtonom awtoulag çykarmak meýilnamasyndan ýüz öwürdi

25.01.2024, 16:5210,210

Apple garaşylyşyndan has az aýratynlyklary bolan öz elektrik awtoulagyny bazara çykarmak kararyna geldi. Başda kompaniýa doly awtonom mümkinçilikleri we örän hyjuwly dizaýny bolan sürüjisiz Apple awtoulagyny döretmegi meýilleşdirýärdi diýip, Bloomberg-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Kompaniýa indi Teslanyň häzirki awtopilot derejesine meňzeş has çäkli awtonom hereketleniş ukyby bolan elektrik ulagyny işläp taýýarlamaga geçdi. Kompaniýa awtopilotynyň awtonomlyk derejesini L4-den L2 + -e çenli peseltdi. 2+ derejeli awtonom sürüş dest we tormoz / tizlenme goldawyny öz içine alýar, ýöne sürüji ulagy gözegçilikde saklaýar we hüşgär bolmaly.
Apple Car-yň önümçiligini 2026-njy ýylda ýola goýmak meýilleşdirilipdi, ýöne indi kompaniýa ulagy 2028-nji ýyldan bärde çykarmaz. Bloomberg-iň habaryna görä, bu Apple Car üçin “öwrülişik pursady”. Eger kompaniýa şeýle aýratynlyk toplumy bolan elektrik ulagy öndürip bilmese, ýolbaşçylar "taslama täzeden çynlakaý seredip bilerler".

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.