Hünärmenler Audi-niň we BMW-niň statistik taýdan iň ygtybarly krossowerlerini bellediler

06.03.2024, 23:586,527

HotCars seljeriş gullugy JD Power-iň, CarEdge-iň we RepairPal-yň maglumatlaryny öwrenip, Audi we BMW krossowerleriniň ygtybarlylyk derejesini düzdi. Oňa täze modellerem, ulanylan modellerem girdi.

Reýtingde öňdebaryjy, J.D. Power -iň wersiýasyna görä, mümkin bolan 100 baldan 89 bal toplan BMW X4 2021 boldy. Şeýle hem, ol ulanylan ulaglaryň bazaryndaky iň ygtybarly krossowerleriň biri hasaplanýar. X4-iň eýeleri tehniki hyzmat üçin ýylda ortaça 968 dollar sarp edýärler.
2017-nji ýylyň BMW X3-i ygtybarlylygy 86 bal we tehniki hyzmata çykdajylarynyň  ortaça ýyllyk bahasy 942 dollar bilen ikinji ýeri eýeledi.
Ilkinji üçlügi  BMW X1 2022 jemledi, şol bir ygtybarlylyk derejesi bilen, ýöne birneme az çykdajyly - ýylda 915 dollar.

Doly sanaw:

  1. BMW X4 2021;
  2. BMW X3 2017;
  3. BMW X1 2022;
  4. BMW X3 2022;
  5. BMW X4 2024;
  6. Audi Q3 2015;
  7. Audi Q5 2017;
  8. Audi Q3 2016;
  9. Audi Q5 2010;
  10. Audi Q3 2024.

Hünärmenler krossower saýlanda diňe bir ygtybarlylygyna däl, eýsem bahasy, enjamlary, güýji we dizaýny ýaly beýleki faktorlara hem üns bermegi maslahat berýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.