Bentley kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aston Martin-e geçýär

26.03.2024, 22:359,917

Bentley metbugat relizinde kompaniýanyň ýolbaşçysy Adrian Hollmarkyň Volkswagen Group-dan gidýändigini mälim etdi. Onuň yzyny dowam etdiriji “öz wagtynda” yglan ediler. Bu barada ixbt.com belleýär.

Aston Martin kompaniýasy Adrian Hollmarkyň 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan gijä galman kompaniýanyň täze baş müdiri boljakdygyny tassyklady. Ol tiz wagtdan işden gitjek 78 ýaşly Amedeo Felisanyň ornuny çalşar.
Adrian Hollmark 2018-nji ýylyň fewral aýynda Bentley-iň başlygy we baş müdiri wezipesine bellenildi. Onuň wezipede bolan döwri lýuks britan markasynyň satuwy ep-esli ýokarlandy: onuň dolandyran ilkinji ýylyndaky 9 559 birlikden 2022-nji ýylda 15 174 awtomobile çenli.
Onuň gitmegi garaşylmadyk waka boldy, sebäbi bary-ýogy birnäçe gün öň ol Bentley-iň ýyllyk hasabaty neşir edilenden soň žurnalistler bilen söhbetdeş bolupdy. 
61 ýaşly Adrian Hollmark Bentley-de 1999-njy ýyldan 2005-nji ýyl aralygynda satuw we marketing boýunça müdirler geňeşiniň agzasy hökmünde-de işledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.