Xiaomi ilkinji elektromobili üçin mobil goşundysyny hödürledi

28.03.2024, 07:308,000

28-nji martda Hytaýda Xiaomi-niň ilkinji elektromobili SU7-niň satuwy başlaýar. Kompaniýa bu wakanyň öňüsyrasynda eýýäm App Store-da (Hytaý sebiti) elýeterli bolan resmi Xiaomi Auto goşundysyny hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär.

Xiaomi Auto goşundysy şulara mümkinçilik berýär:

Öz awtomobil konfigurasiýaňy ýygnamaga we diler bilen satyn alyş barada ylalaşmaga;

SU7-niň synag sürüşlerine ýazylmaga;

Tehniki goldawa we gyzgyn telefon liniýasyna elýeterli bolmaga;

Beýleki SU7 eýeleri bilen aragatnaşyk saklamaga, tejribeler we maslahatlar bilen paýlaşmaga;

Awtomobiliň ýerleşýän ýerini görmäge, uzak aralykdan hereketlendirijini işletmäge we peji ýakmaga;

Awtomobiliň ýagdaýy we tehniki hyzmat etmegiň zerurlygy barada duýduryş habaryny almaga.

Xiaomi Auto-ny ulanmak üçin iOS 13-li ýa-da has soňky wersiýaly iPhone gerek bolar. Android wersiýa heniz elýeterli däl, ýöne onuň ýakyn wagtda peýda bolmagyna garaşylýar.

SU7-niň bahasy hem entek aýan edilmedi, ýöne kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun onuň 500 müň ýuandan (takmynan, 69 müň ABŞ dollary) pes boljakdygyna ynandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.