Raşid Meredow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

14.05.2024, 15:444,273

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýyl «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji Sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň möhüm ugry boldy.
Şeýle-de duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan parlamentara gatnaşyklarynyň aýratyn ornuna ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.