Akmaýanyň ýolunda gaýry planetalylaryň ýaşaýan bolmagy mümkin ýedi ýyldyzy tapyldy

18.05.2024, 16:507,215

Astronomlaryň pikirine görä, biziň galaktikamyzdaky ýedi ýyldyzy Daýson sferalarynyň - keseki siwilizasiýalar tarapyndan gurlan ägirt kosmos desgalarynyň  gurşap alýan bolmagy mümkin diýip, “Haýtek” habar berýär.

Daýson sferalary baradaky gipoteza - ýyldyzlardan energiýa ýygnamak üçin olaryň töwereginde gurlan megastrukturalar baradaky gipoteza ilkinji gezek fizik Frimen Daýson tarapyndan 1960-njy ýylda öňe sürüldi. Bu gurluşlar, ýyldyzy doly gurşap alýan gabyklardan başlap, toplum-toplum orbital stansiýalara çenli, dürli görnüşlerde bolup biler.
Daýsonyň sferalaryny gözlemek tehnosignaturalary – Ýerden daşarda akylly-başly durmuşyň alamatlaryny gözlemegiň bir bölegi hasaplanýar. Şeýle alamatlaryň biri infragyzylyl agdyklyk etmegidir (IEE), ýagny ýyldyzdan gelýän adaty bolmadyk infragyzyl şöhlelenmäniň köp bolmagydyr.
Täze gözlegde alymlar 5 milliondan gowrak ýyldyz spektriniň arasynda IEE-leri gözlemek üçin kompýuter programmasyny ulandylar. Programma Daýson sferalary bilen gurşalan ýedi ýyldyzy anyklady.
Bu ýyldyzlaryň hemmesi - gyzyl kindiwanjalar Günden has kiçi we tutuksy, olar Ýerden 1000 ýagtylyk ýyly töweregi uzaklykda ýerleşýär.
IEE-niň tapylmagy Daýson sferalarynyň barlygynyň anyk subutnamasy däldigini bellemelidiris. Alymlar ýyldyzlaryň töweregindäki dumanlylyk ýaly, aldawa saljak  netijelere sebäp bolup biljek dürli faktorlary göz öňünde tutdular. Şeýle-de bolsa, kosmos galyndylarynyň emele getiren halkalary ýaly beýleki düşündirişleri hem aradan aýryp bolmaz.
Bu açyşy tassyklamak üçin “Jeýms Uebb” kosmos teleskopy ýaly, has kuwwatly teleskoplary ulanyp, juda köp gözegçilik etmek zerurdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.