Hytaýda täze dizaýnly Audi A3 we A3L görkezildi

17.06.2024, 18:304,479
1 / 2

Hytaýda 2024-nji ýylyň täzelenen Audi A3-i we A3L-i sertifikat aldy. IXBT-iň habar  bermegine görä, iki model hem hetçbegiň we sedanyň adaty durkuny  saklamak bilen, daşky görnüşinde ownuk üýtgeşmeleri aldy.

Üýtgeşmeler radiatoryň brend üçin häsiýetli görnüşi alan gözenegine, has ýiti çyzykly faralara täsir etdi. Olara ýagtylygyň täze çeşmeleri oturdyldy.
Täze hetçbegiň ölçegleri üýtgemedi diýen ýaly: 43302 x 1815 x 1458 mm, tigir bazasy 2630 mm. A3L sedany has uzyn, diýseň giň we beýik boldy, onuň teker bazasy bolsa öňküsinden 50 mm, ýagny 2730 mm-e çenli ulaldy.
2024-nji ýylyň A3-i we A3L-i tehniki taýdan Audi Q3 35TFSI-iň 118 kWt ösdürýän dört silindrli 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisini saklaýar.
Täze modelleriň bahasy entek yglan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.