Täze nesil BMW M5 görkezildi. Model 26-njy iýunda çykar

20.06.2024, 13:338,209
1 / 4

BMW 26-njy iýunda täze nesil BMW M5-iň dünýä boýunça ilkinji görkezilişini geçirer. BMW M-iň dizaýn boýunça müdiri Maýkl Skalli bu maglumatlary tassyklady diýip, Autohome habar berýär.

Kompaniýa umumy kuwwaty 718 at güýji bolan 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisinden we elektrik hereketlendirijisinden ybarat gibrid ulgamyny aljak täze ulagyň deslapky suratyny çap etdi.
Täze M5 sedan we uniwersal görnüşlerinde bolar. Awtoulag firma “burnuny” saklap galar we has ýönekeý görnüşli täze BMW faralaryny alar. Şeýle hem yzy görkezýän  täze aýnalarynyň, yzky çyralarynyň we uly bolmadyk spoýleriniň bolmagyna  garaşylýar. Arka tarapynda uly diffuzor we dört sany tüsseçykary bolar.
Täze BMW M5-iň elektrik çekijilikde ýöreýiş ätiýaçlygy 69 kilometre çenli bolar. Plug-gibrid ulgamyň ornaşdyrylmagy ulagyň agramyny 2435 kg çenli agraldar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.