BMW X5 krossoweriniň 25 ýyllygy mynasybetli ýörite nusgasyny hödürledi

26.06.2024, 13:276,229
1 / 5

BMW özüniň meşhur X5 krossoweriniň 25 ýyllygyny Silver Anniversary Edition  ýörite görnüşini çykarmak bilen belleýär. XDrive40i modifikasiýasyna esaslanýan täze önüm diňe Amerikanyň bazary üçin elýeterlidir.

Ýörite wersiýanyň tapawutly aýratynlyklaryna BMW Individual setirinden Lime Rock Greý ýörite kuzow boýagy, gara daşky bezegi, şeýle hem yzky gapysyndaky  Silver Anniversary Edition nyşany girýär.
Salonynda dürli  sport oturgyçlary, X5 M60i we X5 M Competition ýaly karbon  elementleri we geçirijiniň selektorynyň ýanynda ýörite nyşany bar.
Silver Anniversary Edition-niň adaty enjamlaşdyrylyşyna pnewmopodweska, yzky differensialyň gulplanmasy, düýbüň goşmaça goragy we hereketiň dört sany: xSnow, xSand, xGravel we xRocks wnedorožnik režimi girizilen. BMW sagatda 40 km-e çenli tizlikde işleýän we daş-töweregi görkezýän xOffroad diýilýän kamerany goşdy. Ýeriň ýapgytlygyny, gyşarmany we ýerden beýikligini görkezýän, merkezi ekrandaky xOffroad View kameranyň üstüni ýetirýär.
Ulag üçegi ýükdanly we tirkeg gurluşly gelýär.
Ýörite wersiýanyň önümçiligine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlanar. Jemi 1000 sanysy öndüriler we bahasy 81,075 dollar bolar, bu adaty X5 xDrive40i-den 11 900 dollar gymmatdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.