Audi RS3 2025 Nýurburgringde BMW M2 rekordyny täzeledi

01.07.2024, 15:168,233
1 / 2

Heniz resmi taýdan hödürlenmedik Audi RS3 2025, Nýurburgringiň ýolunda BMW M2-niň rekordyny täzeledi. Pirelli P Zero Trofeo R tekerleri bilen enjamlaşdyrylan synag awtoulagyny sürüji Frank Stippler dolandyrdy. Ol “Ýaşyl dowzah” diýip atlandyrylýan ýoly 7 minut 33,12 sekuntda geçip, BMW M2-niň netijesini 5 sekuntdan gowrak ýokarlandyrdy.

RS3 2025 keramiki tormozlar, RS-spesifikasiýasynyň berk podweskasyny we täzeden gurnalan şassi ýaly birnäçe gowulaşma aldy.
Audi awgust aýynyň ahyrynda Ýewropada RS3 2025 üçin sargytlary alyp başlamagy meýilleşdirýär, ilkinji awtoulaglar oktýabr aýynda satyjylara gelip ýeter.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.