Tesla Model Y Hytaýda ilkinji gezek döwlet satyn almalarynyň sanawyna girdi

06.07.2024, 23:582,874

Tesla Model Y elektromobilleri Hytaýda ilkinji gezek gulluk maksatlarynda peýdalanmak üçin döwlet satyn almalarynyň sanawyna goşuldy. Bu barada Hytaýyň resmi neşiri “The Paper” habar berýär.

Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýaty döwlet we jemgyýetçilik guramalary üçin täze elektromobilleriň 56 toplumynyň satyn alynmagy barada habar berdi. Sanawa Tesla amerikan kompaniýasynyň Şanhaýdaky zawodynda öndürilen Tesla Model Y hem girdi.
Tesla-dan başga-da, sanawda beýleki hytaý kompaniýalary tarapyndan öndürilen elektromobiller we gibridler, şeýle-de Volvo XC40 bar.
Satyn alynýan Tesla Model Y awtomobilleriniň sany görkezilmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.