Mitsubishi täze Pajero-ny yglan etdi. Ol 2027-nji ýylda çykar

09.07.2024, 09:3610,858
1 / 3

Mitsubishi 2027-nji ýylda çykaryljak Pajero ulagynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny yglan etdi. Bu barada Carscoops habar berýär.

Täze Pajero-nyň dizaýny has uly ölçeglerde göz öňünde tutulan Outlander-i ýada salýar. Salonynda oturgyçlaryň giňiş üçünji hatary, uly ýükdan we döwrebap enjamlaşdyryş, şol sanda simsiz zarýad beriş, AI ses kömekçisi, howa arkaly täzelenmeleri goldaýyş we sürüjilere kömegiň işjeň ulgamlarynyň doly toplumy bolar diýip garaşylýar.
Täze Pajero täzelenen CMF-C / D platformasynda gurlar we Outlander-den 2,4 litrlik gibrid geçirişiň kämilleşdirilen görnüşini alar. Içinden otlanýan  hereketlendirijiden we üç sany elektrik hereketlendirijiden ybarat güýç gurluşynyň kuwwaty 380 at güýjüne ýeter.
Elektrik hereketlendirijileriň ulanylmagy ulagyň çarkandakly ýollardaky  mümkinçiliklerini ýokarlandyrar. Täze güýç gurluşy çekiş wektoryna gözegçilik we öň we yzky differensiallary elektron gulplamagy üpjün eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.