BMW 2025 i4-iň bahasyny we aýratynlyklaryny yglan etdi

06.08.2024, 12:425,867
1 / 2

BMW 2025-nji model ýylynyň i4-iniň bahasyny we täzelenmelerini mälim etdi diýip, IXBT habar berýär.

Üýtgeşmeleriň hatarynda täze faralar, lazer äheňli yzky çyralar hem-de daşky görnüşinde we tekerlerinde täze reňk görnüşleri bar. Awtoulagyň içinde ruluň dizaýny täzelendi. Interýerinde tutuksy alýumin we açyk öýjükli agaç ýaly, täze bezeg görnüşleri bar.
i4 2025 iDrive 8.5 ulgamy we 12,3 dýuýmlyk gural paneli bilen 14,9 dýuýmlyk duýgur ekranly maglumat-güýmenje  ulgamyny birleşdirýän egri ekran bilen enjamlaşdyrylan. Adaty enjamlaryna Apple CarPlay, Android Auto we proýeksiýa ekrany girýär.

Bahalar:

  • eDrive40: 58 475 dollardan başlaýar (deňeşdirip boljak 2024-nji ýylyň modelinden 600 dollar we  eDrive35 2024-den 5 100 dollar gymmat) | 335 at güýji | ýöreýiş  ätiýaçlygy: 511 km (+27 km)
  • xDrive40: 63,475 dollardan başlaýar (+ 700 $) | 396 at güýji| ýöreýiş ätiýaçlygy: 461 km (-33 km)
  • i4 M50: 71 875 dollardan başlaýar (+ 1000 $) | 536 at güýji

Ähli modeller sargyt üçin eýýäm elýeterli we ýakyn wagtda söwda dellallarynda  peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.