Toyota we BMW wodorod awtoulaglaryny ilerletmegi çaltlaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirer

30.08.2024, 11:236,695

Nikkei Asia-ä salgylanýan Reuters habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Toyota we BMW ýangyç elementli ulaglar pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýalar geljek hepde hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekişmekçi. Bu barada resmi taýdan 5-nji sentýabrda yglan etmek meýilleşdirilýär.
Toyota Mirai modelinde wodorod awtoulaglaryny öndürmekde öňden bäri öňdebaryjy bolup gelýär we BMW hem bu bazary işjeň öwrenýär. Iki kompaniýa tagallalaryny birleşdirip, wodorod tehnologiýalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyryp we has elýeterli edip biler.
Toyota -yň wekili bu barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.