BMW Hytaýda çykarylan güýçli hereketlendirijili X1 M35Li krossowerini hödürledi

05.09.2024, 20:167,976
1 / 3

Hytaýyň Çendu şäherinde Brilliance BMW-niň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilen täze BMW X1 M35Li krossoweriniň premýerasy boldy. Bu model Ýewropa wersiýasyndan uzaldylan teker bazasy (2802 mm) we has uly ölçegleri (4616 x 1845 x 1627 mm) bilen tapawutlanýar diýip, IT Home habar berýär.

Krossower 335 at güýjüni öndürýän 2 litrlik B48 turbo hereketlendirijisi we awtomatiki geçirji korobkasy bilen üpjün edilendir.
BMW X1 M35Li-niň interýerinde 10,25 dýuýmlyk ekranly sanly paneli, 10,7 dýuýmlyk ekranly media ulgamy, M sport oturgyçlary we M ruly bar.
Täze BMW X1 M35Li-niň bahasy 57,8 müň dollar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.