Hytaý 2024-nji ýylda daşary ýurda 4 milliondan gowrak awtoulag iberdi

28.09.2024, 11:0810,595

Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, Hytaý 2024-nji ýylyň awgust aýynda 610 000 awtoulag eksport etdi. Bu geçen ýylyň awgust aýyndakydan 39% köp, bir aý öňki görkezijilerinden bolsa 10% ýokarydyr. Ýanwar-awgust aýlarynda umumy eksport 27% artyp, 4,09 million awtoulag boldy diýip,  Carnewschina.com ýazýar.

2024-nji ýylda hytaý awtoulaglarynyň importynyň mukdary boýunça iň gowy 10 ýurt:

  • Russiýa - 705 514
  • Meksika - 323,540
  • BAE – 203 048
  • Braziliýa – 192 254
  • Belgiýa – 182 504
  • Saud Arabystany – 161 261
  • Beýik Britaniýa – 137 925
  • Awstraliýa – 118 888
  • Filippinler – 104 402
  • Türkiye – 95 650

Elektrik ulaglarynyň we gibridleriň (NEV) Hytaýdan eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 1,397 million birlige ýetip, 25% ýokarlandy. 2024-nji ýylyň awgust aýynda NEV-iň eksporty 180 000 birlik bolup, geçen ýylyň awgust aýyndakydan 20,9% köpeldi.

Hytaýdan NEV-iň eksporty boýunça iň gowy 10 ýurt:

  • Belgiýa – 170 876
  • Braziliýa – 136 112
  • Beýik Britaniýa – 88 933
  • Tailand – 81 546
  • Filippinler – 69 987
  • Meksika – 61 647
  • Hindistan – 53 738
  • Awstraliýa – 51 843
  • BAE – 47 716
  • Germaniýa – 41 105
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.