Science kompaniýasy Prima atly özüniň täze torly perde implantynyň kliniki synaglarynyň deslapky netijeleri barada habar berdi. Bu gurluş geografiki atrofiýadan – gözüň torly bardasynyň merkezi böleginiň ýaramazlaşmagyna getirýän ýaş bilen baglanyşykly gurak makula degenerasiýasynyň güýçlenýän görnüşinden ejir çekýän hassalarda görüş ukybyny dikeltmäge gönükdirilendir.
Synaglaryň dowamynda implantasiýadan 6 – 12 aýdan soň 38 gatnaşyjyda gözüň görüş ýitiliginiň gowulanandygy hasaba alyndy. Baha berme LogMAR jedweli boýunça geçirildi: gatnaşyjylar ortaça gyzyl çyzyga çenli 23 harp (4,6 setir) görüp bildiler. Synaga gatnaşanlaryň biri bolsa 59 harp görüp, örän gowy netije gazandy.
Prima implanty gözüň torly bardasyna oturdylýan fotoelektrik implantaty hem-de kameraly we proýektorly ýörite äýnegi öz içine alýan görüş protezidir. Goşmaça aýdyňlygy ýokarlandyrmak we ulaltmak üçin şekilleri gaýtadan işleýän jübi prosessory ulanylýar.
“Alnan netijeler körlügi bejermekde möhüm pursat hasaplanýar. Ilkinji gezek ozal netijeli bejeriş usuly bolmadyk ýaş bilen baglanyşykly makula degenerasiýasy bolan hassalarda hakyky görüş ukybyny dikeltmek başartdy” diýip, Bonn uniwersitetiniň oftalmologiýa kafedrasynyň başlygy we professory Frank Hols belledi.
Işläp düzüjiler eýýäm bazara çykmagy meýilleşdirýär. Science Corporation-yň esaslandyryjysy Maks Hodak tehnologiýanyň birnäçe ýylyň içinde elýeterli boljakdygyna ynam bildirdi.