Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasy (NHC) semizligi anyklamak we bejermek üçin ýurtda semizligiň ösüş çaklamalaryny peseltmäge gönükdirilen toplumlaýyn meýilnamany hödürledi. Bu barada Daryo.uz habar berýär.
Hasaplamalara görä, 2030-njy ýyla çenli aşa agramly adamlaryň paýy 65,3%-e ýetip biler, bu hem saglygy goraýyş pudagynda alada döredýär. Semizlik Hytaýda saglyk üçin esasy töwekgelçilikleriň birine öwrüldi we ýurtda ölümiň hem maýyplygyň sebäpleriniň arasynda altynjy orny eýeleýär.
Semizligiň esasy şertleri bolsa ofis iş orunlarynyň artmagy bilen baglanyşykly az hereketli durmuş ýörelgesini we nädogry iýmitlenmegi öz içine alýar.
Bu meselelere jogap hökmünde sekiz sany esasy ýörelgä esaslanýan üçýyllyk kampaniýa geçiriler: öňüni alyş, sagdyn iýmitlenme, saglygyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik, deňagramly berhiz, fiziki işjeňlik, doly derejeli uky, şahsy maksatlar we maşgala goldawy.
Çagalara we ýetginjeklere aýratyn üns berilýär: mekdeplerde sagdynlyga, gündelik fiziki ýumuşlara we dietologlaryň maslahatlaryna gönükdirilen maksatnamalar ornaşdyryldy. Maksatnama duzuň, şekeriň we ýagyň sarp edilişini azaltmagyň zerurdygyna-da ünsi çekýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) görä, semizligiň ýokarlanmagy toplumlaýyn çäreleri talap edýän global meseledir. BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus geljekde ýürek-damar keselleriniň we süýji keseliniň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaltmak üçin irki ýaşda öňüni almagyň zerurdygyny belledi.