Türkmenistan bilen «VISA» hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna halkara işewürlik forumyny geçirer

02.11.2024, 07:477,478

Şu ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow forumy geçirmek meselesi barada döwlet Baştutanyna habar berdi diýip, TDH ýetirýär.
Bellenilişi ýaly, forumyň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen bagly meseleler giriziler.
Serdar Berdimuhamedow halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.