2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek teklip edilýär

16.12.2024, 07:536,919

Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini bu şäherde geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlendiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gurbanguly Berdimuhamedowdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidentine ýetirip bermegi haýyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýdyp, teklibiň makullanan halatynda, degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.