19-20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler

01.02.2025, 08:524,654

2025-nji ýylyň 19-20-nji fewralynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.