Serdar Berdimuhamedow Anura Kumara Dissanaýakini Şri-Lankanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

04.02.2025, 08:103,913

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 4-nji fewralynda bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.